Sepleriň elýeterliligi

Gaz kanistri onlarça adamy öldürdi


Hindistanda bir restoranda tebigy gazly kanisitrin ýarylmagy netijesinde onlarça adam heläk boldy. Bu partlama 12-nji sentýabrda, Petlawad şäherinde, Nýu-Deliniň 800 km günortasynda boldy.

Resmiler 80 töweregi adamyň ölendigini, 100-den gowrak adamyň ýaraly bolandygyny aýtdylar.

Aýdylmagyna görä, birinji partlama ikinji has uly partlama sebäp bolupdyr.

Partlama restoranyň üçegini çökerip, töwerekdäki jaýlara hem zyýan ýetiripdir.

XS
SM
MD
LG