Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mekgede ýykylan kran 107 adamy öldürdi


Saud häkimiýetleri 11-nji sentýabrda mukaddes Mekge şäherinde, uly metjidiň gurluşygyndaky kranyň ýykylmagy netijesinde, azyndan 107 adamyň ölendigini, onlarça adamyň bolsa ýaraly bolandygyny aýdýarlar.

Bu hadysa dünýäniň çar künjeginde ýaşaýan musulmanlaryň şu aýyň aýagynda başlanýan ýyllyk haj zyýaratyna toplanan wagtynda boldy.

Häkimiýetler kranyň ýykylandygyny we pidalaryň sanynyň artýandygyny twitter arkaly yglan etdiler.

Sosial ulgamlarda metjitdäki heläkçiligi görkezýän suratlar we wideolar peýda boldy.

Gerimli proekt esasynda, meýdanyny 400 müň kwadrat metre çenli giňeldip, ony birbada 2.2 million adam ýerleşer ýaly etmek üçin, metjidiň daşy äpet kranlar bilen gurşalandy.

Mekge regionynyň gubernatory, şazada Haled al-Faýzal bu hadysany derňemegi buýurdy.

XS
SM
MD
LG