Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saudlylar krany ýel ýykdy diýýär


Saud häkimiýetleri Mekgäniň uly metjidindäki äpet krany güýçli ýeliň ýykandygyny aýdýarlar, bu kran ýyllyk Haj zyýaratynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda azyndan 107 adamy öldürdi.

Raýat goranmak müdirliginiň başlygy Suleýman bin Abdullah al-Amro 12-nji sentýabrda adaty bolmadyk güýçli ýeliň bu töwerekdäki baglary hem ýykandygyny aýtdy.

Ol kranyň ýyldyrym urmasy netijesinde ýykylandygy ýa-da pidalaryň käbiriniň depeşekde ölendigi barada çykan habarlary ret etdi.

Şeýle-de, 11-nji sentýabrda ýykylan kran, ölenlerden başga, 200-den gowrak adamy ýaralady.

Saud häkimiýetleri ölenleriň milleti barada resmi maglumat bermediler we 21-nji sentýabrda başlanmagyna garaşylýan Haj zyýaratynyň, betbagtçylyga garamazdan, dowam etdiriljegini aýtdylar.

12-nji sentýabrda çap edilen resmi maglumata görä, Saud Arabystanyna eýýäm 909 müňden gowrak zyýaratçy gelipdir.

XS
SM
MD
LG