Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň 'kömek' uçarlary Siriýa geldi


Siriýanyň döwlet mediasy rus uçarlarynyň 12-nji sentýabrda 80 tonna ynsanperwer ýüki bilen Siriýanyň kenarýaka şäheri Latakiýa gonandygyny habar berdi.

Orsýetiň Goranmak ministrligi Moskwada bu ynsanperwerçilik ýüküne çadyr dikmek üçin materiallaryň, krowatlaryň, düşekleriň, peçleriň, suw gaplarynyň we 1 müňden gowrak bosgun üçin azyk önümleriniň goşulandygyny aýtdy.

Bu aýdylýan kömek günbatar ýurtlarynyň Orsýetiň Siriýada güýçlenýän harby aktiwligi baradaky aladalarynyň arasyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG