Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG azeri saýlawlaryny synlamaz


Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy noýabrda Azerbaýjanda geçiriljek parlament saýlawlaryna, Bakuwdaky hökümet tarapyndan girizilen çäklendirmeler sebäpli, gözegçilik etmejekdigini aýdýar.

Bu saýlaw 1-nji noýabrda geçirilmeli. «Saýlawa syn etmeli gözegçileriň sany babatda girizilen çäklendirmeler missiýanyň netijeli we ynamdar saýlaw gözegçiligini geçirmek wezipesini amala aşyryp bolmaz ýaly edýär» diýip, ÝHHG-nyň Demokratiki guramalar we adam hukuklary edarasy 11-nji sentýatbrdaky beýanatynda aýtdy.

Azeri resmileri bu beýanata bada-bat reaksiýa bildirmediler.

Azerbaýjanyň ÝHHG-daky missiýasy awgustda ýurduň diňe alty sany uzak möhletli, 120-den kän bolmadyk gysga möhletli gözegçini kabul etmäge taýýardygyny aýdypdy.

XS
SM
MD
LG