Sepleriň elýeterliligi

Mýunhen: Bir günde 12200 migrant geldi


German polisiýasy 12-nji sentýabrda Mýunhene Awstriýa arkaly jemi 12 müň 200 migrantyň gelip girendigini aýtdy.

13-nji sentýabrda irden bolsa, federal polisiýa sözçüsi Simon Hegewaldyň sözlerine görä, 700 çemesi adam esasy stansiýa geldi.

Üç sany ýörite otly migrantlary ýurduň beýleki böleklerine alyp gitmeli.

Şu aralykda Serbiýa serhediniň boýundan Wengriýa gelýän migrantlaryň sany ýene bir rekord derejä galyp, 12-nji sentýabrda 4 müň adamdan agdy.

XS
SM
MD
LG