Sepleriň elýeterliligi

Mýunhen bosgunlara gujak açýar


12-nji sentýabrda Mýunhene 13,015 migrant geldi.

12-nji sentýabrda Mýunhene 13,015 migrant geldi.

German häkimiýetleri ýurda müňlerçe migrantyň esasy gelip girýän ýeri bolan Mýunheniň bosgunlary kabul etmek mümkinçiligi boýunça aňry çägine ýetendigini duýdurdylar.

12-nji sentýabrda Mýunhene 13,015 çemesi migrant gelip girdi.

Germaniýa gelip giren migrantlaryň aglabasy Gresiýanyň, Makedoniýanyň, Serbiýanyň, Wengriýanyň we Awstriýanyň içinden geçdi.

"Düýnki berlen sanlardan ugur alynsa, biziň öz kabul ediş çägimiziň ýokary başyna çykanymyz açyk» diýip, polisiýanyň sözçüsi aýtdy.

Federal polisiýanyň sözçüsi Simon Hegewaldyň sözlerine görä, Mýunheniň esasy stansiýasyna 13-nji sentýabrda irden 700 çemesi adam geldi.

ýörite bölünen üç sany otly migrantlary ýurduň beýleki ýerlerine alyp gitmeli.

transport ministri Aleksandr Dobrindt “indi bu akymy duruzmak üçin netijeli çäreleri görmegiň zerurdygyny» aýtdy.

Germaniýanyň içeri işler ministri Thomas de Maiziere 13-nji sentýabrda «Tagesspiegel» gazetine Ýewropa gelen bosgunlaryň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň çägindäki ýerlere paýlanjagyny aýtdy.

"Bu ýerde bosgunlaryň erkin seçgisi boýunça ýaşajak ýeriňi saýlamak mümkinçiligi bolmaz» diýip, ol aýtdy.

Mýunheniň häkimiýet wekilleri 1972-nji ýylyň olimpiadasynda ulanylan Olympiahalleni bosgunlary wagtlaýyn ýerleşdirmek üçin açmagyň hem pikirini edýärler.

Şu aralykda, Wengriýa gelip girýän migrantlaryň akymy 12-nji sentýabrda rekord derejä çykdy, ýagny Serbiýanyň serhet boýlaryndan ýöräp gelen migrantlaryň sany 4,330 boldy.

Wengriýa özüniň serbiýa bilen serhedinden gurýan dört metr beýiklikdäki, 175 km uzynlykdaky tikenli sim haýatyny tasdan gurup tamamlady we 15-nji sentýatbrdan serhetden aşmagy jenaýat hasaplaýan we gaçybatalga talaplary babatdaky kararlary tizleşdirýän täze kanunlary girizer.

4 müňden gowrak wenger esgeri polisiýa serhet goragynda kömek berer.

Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň gaçybatalga kanunlary gowşatmak baradaky karary «baş-başdaklyga» sebäp boldy diýdi.

BMG-niň bosgunlar edarasy bikanun serhetden geçmegi jenaýat hasaplamagyň, eger serhetden geçenler gaçybatalga gözleýänler bolsa, BMG-niň Bosgunlar baradaky konwensiýasyny bozjagyny aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginiň içeri işler ministrleri 14-nji sentýabrda adatdan daşary maslahat geçirmeli.

ÝB-niň 28 agza ýurdunyň arasynda iň kän bosgun kabul eden Germaniýa kwotalar barada bir şertnamanyň baglaşylmagyny isleýär.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annugrban.

XS
SM
MD
LG