Sepleriň elýeterliligi

Moldowan paýtagtynda protest bildirýän 20 müň çemesi adam, 1 milliard çemesi amerikan dollary möçberindäki serişdäniň ýitirim bolmagyna getiren bank galmagalyndan soň, prezident Nikolaý Timoftiniň we hökümetiň işden çekilmegini talap edýär.

Protestçiler mart aýynda irki parlament saýlawlarynyň geçirilmegini hem talap edýärler. Moldowadaky «Mertebe» we «Hakykat» raýat hereketleri tarapyndan gurnalan protest 6-njy sentýabrda hem müňlerçe moldowany köçelere çykarypdy.

Bu ýurduň post-sowet taryhyndaky iň uly protestdir.

Müňlerçe protestçi bir hepdeläp Kişinýowyň merkezi meýdançasynda dikilen çadyrlarda galdy we öz talaplary berjaý eldilýänçä gitmezligi wada berdi.

XS
SM
MD
LG