Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Iki türkmenistanla iş kesildi


Orsýetiň Twer regionynda iki türkmenistanla neşe söwdasy üçin iş kesildi.
Oleninskiý raýonynyň sudunyň karary bilen Türkmenistanyň iki raýatynyň häzirki wagtda şol raýonyň ýaşaýjylarynyň uly möçberde neşe serişdeleriniň söwdasynda günäli tapylandygy habar berilýär.

Habar berilişine görä, deslapky derňewleriň netijesinde agzalan türkmenistanlylaryň 2014-nji ýylda Twer regionynyň Ržew we Olenino şäherlerinde bilelikde neşe serişdelerini satandyklary, soň neşe serişdelerini dürli ýerlerde saklandyklary anyklanypdyr. Twer regionynyň Neşä gözegçilik boýunça federal gullugynyň işgärleri tarapyndan 1900 gramm marihuana neşe serişdesi ele salnypdyr.

Suduň karary bilen Türkmenistanyň iki raýaty 15 we 12 ýyl berk düzgünli türme tussaglygyna höküm edildi. Suduň kararynyň güýje girmändigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG