Sepleriň elýeterliligi

Gurhanda adalatsyz kazy, ýalançy şaýat barada näme aýdylýar?


"Günel Hasanly - diňe 2013-nji ýyldan bäri iş tejribesi bolan, suduň ýaş medisina eksperti Müşfik Hamzalyýewiň - iki sany agzanyň ses bermegi esasynda Ýasamal etrap kazyýetiniň 2013-nji ýylda işe başlan ýaş sülçüsi Akşin Efendiýewiň 2015-nji ýylyň 20-nji fewralynda çykaran karary esasynda jenaýat kodeksiniň 263.1-nji maddasyna görä, özüniň diňe Jemil Hasanlynyň gyzy bolany üçin etmedik jenaýaty etdi diýlip, 1 ýyl 6 aý türmä basylypdyr. Muny men, aklawçy Adil Ismaýylow, öz aýdýanymyň ähli jogapkärçiligini öz üstüme alyp aýdýaryn".

Bu sözleri tanymal aklawçy (adwokat) Adil Ismaýylow Milli Geňeşiň ministri Jemil Hasanlynyň gyzy bilen baglanyşykly geçirilen sud diňlenişiginden soň öz Facebook sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazýar we sözüniň üstüni şeýle ýetirýär: "Mundan beýläk hiç kim Azerbaýjanda bitarap, garaşsyz we adalatly sud bar" diýse, ynha, baş üstüne, ýazanymy tankyt edip, nädogrudygynam subut etsin!".

Adam hukuklary ugrunda göreşijiler Leýla bilen Arif Ýunusyň sud işlerini yzarlaýan žurnalist Hatyja Ismaýylyň soňky birnäçe hepdäniň dowamynda geçirilen sudlaryna gatnaşan aklawçylar hem bir perdeden gopýan şuňa meňzeş beýanatlary ýazýarlar.

Aklawçylaryň şaýatlary diňlenmän, gaýtam "ýasama şaýatlardan" peýdalanylypdyr. Geçirilen sud işleri barada ýerli hem halkara adam hukuklary guramalary, ABŞ-nyň döwlet departamenti we ÝB bilen bilelikde dürli ýurtlaryň aýratynlykda eden tankytlaryna gulak asylmandyr ýa-da bildirilen garaýyşlar ret edilip, olar gaýtam tankyt edilipdir.

"Umyt indi Alla galdy"

Şol sud işleri babatda sosial ulgamlarda geçirilen pikir alyşyklara gatnaşanlar ýygy-ýygydan "Umyt indi Alla galdy" görnüşinde duýgydaşlyk hem öz garaýyşlaryny bildiripdirler.

Eýse, Allanyň mukaddes kitaplarynyň sahypalaryna göz aýlan mahalyň, ol ýerde adalatsyz kazylar we töhmetçiler hem ýalançy şaýatlar barada nämeler aýdylýarka?

"Günäleriň iň aýylganjy"

"Ýalany diňe Allanyň aýatlaryna ynanmaýanlar toslap tapýandyr. Olar baryp ýatan ýalançydyr!" (En-Nahl süresiniň 105-nji aýady).

"... Alla ýalançy, kezzap bolanlaryň işlerini ugrukdyrmaz" (Zumer süresiniň 3-nji aýady).

"Ýalana ýapyşan, günä öwrenişen adamlaryň ahyry aýylganç bolar" (Al-Jasiýe süresiniň 7-nji aýady).

"Şaýatlygy bassyr-ýussur etdirmäň! Ony ýoýan, gizleden adamynyň ýüregi günäkärdir" (Al-Bakare süresiniň 283-nji aýady).

"Eý, iman edenler! (Şaýatlygyňyz) siziň özüňize, ene-ataňyza, hossarlaryňyza, kowum-garyndaşlaryňyza garşy bolanda, adalata berk ýapyşan Allanyň şaýady boluň! (Özüne garşy şaýatlyk etjegiňiz) isle döwletli ýa-da garyp bolsun, tapawudy ýok, her hili ýagdaýda-da Alla olaryň her birine (sizden) has ýakyndyr. Nebsiňize uýup, hakdan ýüz öwürmäň! Eger diliňizi petiklän bolsaňyz ýa-da (dogry şaýatlyk etmekden ýa-da umuman şaýatlykdan) boýun towlasaňyz, (bilip goýuň) Alla hemme edýän işleriňizden habarlydyr!" (An-Nisa süresiniň 135-nji aýady).

"Abdurrahman Ibn Abu Bakrah kakasynyň (Alla ony ýalkasyn!) pygamberiň (Oňa we maşgalasyna Allanyň salawaty bilen salamyny aýdýarys!) şeýle hadysy gürrüň berendigini aýdypdyr: Bir gün Muhammet pygamber: "Günäleriň iň aýylganjyny size aýdyp bereýinmi?" diýip soran. Sahabalar: "Howa, ýa resulalla!" diýipdirler. Resulalla: "Allany başga zada deňemek, ene-ata garşy bolmak" diýip, jogap beripdir. Soňam ýerde oturyp: "Ýagşy eşidiň! Edil şonuň ýalam ýalançy şaýatlykdyr, ýagny ýasama şaýatlykdyr" diýipdir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG