Sepleriň elýeterliligi

Regional liderler Duşenbä bardylar


Kollektiw Howpsuzlyk ylalaşygy guramasynyň liderleri Täjigistanyň paýtagty Duşenbede sammite jemlenýärler.

Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Orsýetiň prezidentleriniň Duşenbä 14-nji sentýabrda barmagy planlaşdyrylýar. 15-nji sentýabrda geçiriljek sammitiň öňüsyrasyda ýurt baştutanlary aýra-başga özara duşuşyklaryny geçirerler.

Täjik häkimiýetleri goranmak ministriniň öňki orunbasary Abduhalim Nazarzodanyň we onuň ýaranlarynyň gözlegini dowam etdirýärkä, paýtagtda howpsuzlyk çärelerini güýçlendirdiler.

Nazarzoda sentýabryň başynda Duşenbäniň golaýynda polisiýa bölümine edilen hüjümi gurnamakda aýyplanyp gözlenýär.

Kollektiw Howpsuzlyk ylalaşygy guramasynyň liderleriniň Duşenbede geçiriljek sammitiniň gün tertibi guramanyň baş sekretaryny saýlamak meselesini öz içine alýar. Guramanyň ýolbaşçylygynyň Täjigistandan Ermenistana geçmegine hem garaşylýar.

XS
SM
MD
LG