Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede adam başyna 7,3 kitap neşir edilýär


"Türkiýe neşirýat senagatynyň ululygy boýunça dünýäde 11-nji orunda durýar. Bu ugurda ýyllyk girdejisi-de 2 milliard 281 million dollardyr".

Stambulyň halkara kitap sergisi

Stambulyň dokuz günläp dowam etjek 34-nji Halkara kitap sergisiniň taýýarlygyna başlandy. 7-nji noýabrda başlajak bu ýylky kitap sergisiniň şygary ynha şeýle: "Degişme: Durmuşa ýylgyryp garamak".

Her ýyl ýörite bäş ýüz myhmanyň gelýän bu kitap sergisinde bu ýyl karikaturaçy suratkeşleriň eserlerinden ybarat bolan kitaplara ýörite üns çekiler. Türkiýäniň tanymal karikaturaçysy Tan Oral sergide munuň bilen baglanyşykly ýörite iş alyp barar. Şonuň ýaly-da sergide Tan Oralyň biografiýasy we karikatura eserlerini öz içine alýan kitap hem tanadylar.

Kitap sergisiniň çäginde Eziz Nesiniň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanyp, özbaşyna iki sany ýörite sergi hem gurnalar.

5 ýüz müň kitap

Bu ýylky kitap sergisinde 700 neşirýat öz kitaplary bilen çykyş ederler. Geçen ýylky sergide 5 ýüz müň kitap tanadylypdyr. Bu ýylky sergide bu sanyň hasam ýokary bolmagyna garaşylýandygy aýdylýar.

Türkiýäniň neşirýatlar birleşiginiň başlygy Metin Çelebiniň aýtmagyna görä, geçen ýyl Türkiýede çap edilen kitaplaryň sanyna görä, Türkiýede adam başyna 7,3 kitap neşir edilipdir.

UNESCO guramasynyň hasabatyna görä bolsa, Türkiýe neşirýat senagatynyň gerimi taýdan dünýäde 11-nji orunda durýar. Bu senagatyň ýyllyk girdejisi-de 2 milliard 281 million dollardyr.

Stambulyň Halkara kitap sergisinde bu ýylky arzyly myhman ýurt bolsa Rumyniýadyr. Rumyniýa sergide Matel Visniec, Dumitru Tepeneag, Mircea Dinescu, Dan Lungu, Octavian Soviany, Carmen Muşat, Daniel Cristea-Enache, Florin Bican bilen bir hatarda jemi 12 tanymal ýazyjy wekilçilik eder.

Şertnamalar

Rumyniýa bilen Türkiýäniň arasynda ikitaraplaýyn terjimeler babatda şertnamalara gol çekiler. Rumyniýanyň neşirýat öýleri rumyn ýazyjylaryň kitaplarynyň Türkiýede ýaýramagy üçin duşuşyklar geçirer.

Rumynçadan iňlisçä terjime edilen iki sany täze kitap hem halk köpçüligine tanadylar. Ol kitaplar Dan Lungunyň "Garry kommunist aýal" (I am an Old Communist Woman!) we Florin Irimianyň "Garaňky penjire" (Dark Windows) atly eserleridir.

Stambulyň kitap sergisinde studentlerden, mugallymlardan, ýazyjylardan, karikaturaçylardan, okuwçylardan giriş üçin pul alynmaz.

XS
SM
MD
LG