Sepleriň elýeterliligi

Müsüriň harbylary 12 syýahatçyny öldürdi


Müsüriň resmileri howpsuzlyk güýçleriniň terrora garşy çäreleriň netijesinde ýalňyşlyk bilen 12 adamy, şol sanda meksikaly syýahatçylary öldürendigini aýtdylar.

Içeri işler ministrliginiň 14-nji sentýabrda aýtmagyna görä, harbylar Günbatar çölde “terrorçy elementleri” gözlän wagtynda syýahatçylary alyp barýan dört ulagy oka tutupdyr.

Meksikanyň Daşary işler ministrligi azyndan iki meksikaly syýahatçynyň wepat bolandygyny aýtdy. On meksikaly we müsürli ýaralandy.

Müsüriň Içeri işler ministri hadysany derňeýändigini aýtdy.

Müsüriň harbylarynyň bu operasiýalary “Yslam döwleti”terrorçy toparyň söweşijileri Liwiýanyň serhediniň golaýynda Günbatar çölde Müsüriň harbylarynyň hüjümine garşy durandygyny yglan etmekleriniň yzýany başlanypdy.

XS
SM
MD
LG