Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Profsoýuz aktiwisti tussaglykda öldi


Şahroh Zamani
Şahroh Zamani

Eýranly profsoýuz aktiwisti tussaglykda ýogaldy.

Oppozision Kalame websaýty 51 ýaşly Şahroh Zamaniniň “tarpa-taýyn” aradan çykandygyny 13-nji sentýabrda habar berdi.

Zamani Karaj şäheriniň Rajaýişahr türmesinde 11 ýyl türme möhletini başdan geçirýärdi. Ol 2011-nji ýylda “milli howpsuzlyga garşy hereket etmekde” we “režime garşy propagandany ýaýratmakda” aýyplanyp tussag edilipdi.

Zamaniniň reňkleýji zähmetkeşler üçin profsoýuz bileleşigini döretmek synanyşygyndan soň oňa garşy iş gozgalypdy.

“Amnesty International” guramasy geçen ýylda Zamaniniň bir aýdan gowrak açlyk çekip, onuň “saglygynyň hasam ýaramazlaşandygyny” habar beripdi.

XS
SM
MD
LG