Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Saýlawlarda bidüzgünçiligiň bolandygy aýdylýar


Orsýetde ýerli we regional saýlawlarda köpçülikleýin bidüzgünçilikleriň bolandygy habar berilýär.

13-nji sentýabrda Kreml tarapyndan goldanýan dalaşgärleriň gatnaşmagyndaky saýlawlarda jemi 59 million adamyň, ýagny ilatyň ýarysy töwereginiň ses bermäge hukugy boldy.

Kanun çykaryjy organlaryndaky 90 müň orna, 1300 regional ofise, şol sanda 21 sany regional ýolbaşçy wezipesine we häkim wezipelerine saýlaw geçirildi.
Orsýetiň “Golos” atly hökümete degişli bolmadyk guramasy saýlawlara syn edip, düzgüni bozmak bilen bagly güman edilýän 1700-den gowrak wakany hasaba alandygyny aýdýar.

Güman edilýän düzgün bozmalarynyň aglaba bölegi Kostroma regionynda Demokratik güýçleriniň bileleşiginiň gatnaşan esasy ýerinde bolupdyr.

Oppozision dalaşgärleriň köpüsi regional saýlawlara gatnaşmak mümkinçiliginden mahrum edilipdi. Oppozisiýa muny syýasy sebäpler bilen baglanyşdyrdy. Netijeleriň 14-nji sentýabrda yglan ediljekdigi aýdyldy.

Saýlawlaryň deslapky netijeleri häkimiýet başyndaky “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň öňe saýlanandygyny, galan orunlaryň Kommunistik partiýasynyň, Liberal Demokratik partiýasynyň we Sprawedliwaýa Rossiýa partiýasynyň arasynda paýlanandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG