Sepleriň elýeterliligi

logo-print

"Talyban" türmä hüjüm etdi


Ghazni türmesi

Ghazni türmesi

“Talybanyň” söweşijileri Owganystanyň Ghazni şäherindäki türmä hüjüm edip, polisiýa ofiserlerini öldürdiler we ýüzlerçe tussagy boşatdylar.

Ghazni regionynyň häkiminiň orunbasary Mohammad Ali Ahmadi 14-nji sentýabrda irden bolan hüjümde janyndan geçen hüjümçiniň awto ulagy partladyp, galan hüjümçileriň türmäniň binasyna girmäge mümkinçilik berendigini aýtdy.

Ahmadiniň aýtmagyna görä, 400-dan gowrak tussag gaçyp çykypdyr, olardan 80 adam ele salnypdyr. Gaçyp gizlenýän 352 tussagyň 150 çemesi “Talybanyň” söweşijileri.

XS
SM
MD
LG