Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB migrantlar meselesine seredýär


Ýewropa Bileleşiginiň içeri işler ministrleri 14-nji sentýabrda migrantlar meselesi boýunça adatdan daşary gepleşiklere jemlendiler. Mundan bir gün ozal Germaniýa bosgunlaryň akymyny haýallatmak üçin Awstriýa bilen serhedine gözegçiligi dikeldýändigini aýtdy.

Ministrler müňlerçe migrant üçin jogapkärçiligi paýlaşmak we Italiýa, Gresiýa hem Wengriýa ýaly serhetdeş döwletlere düşýän agramy azaltmak meselesine serederler.

Olaryň Brusseldäki gepleşikleri 160 müň bosguny indiki iki ýylyň dowamynda ýerleşdirmek meselesine gönükdiriler.

Gepleşikleriň öňüsyrasynda Wengriýanyň polisiýasy 13-nji sentýabrda ýurda 5809 migrantyň barandygyny aýtdy.

Wengriýada 15-nji sentýabrda täze kanun güýje girdi, oňa laýyklykda ÝB-ne bikanun baran islendik adamyň tussag edilmegi göz öňünde tutulýar.

XS
SM
MD
LG