Sepleriň elýeterliligi

Türkmen ilçihanalarynyň websaýtlary kadaly işlänok


Illýustrasiýa suraty

Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň hiç biriniň diýen ýaly resmi websahypalary kadaly işlänok.

Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky websahypasyna giriljek bolnanda serweriň “sahypanyň elýeterli däldigi” baradaky “ýalňyş” maglumaty çyksa, Russiýadaky Türkmen ilçihanasynyň sepi ulanyjyny ”turkmenistan.ru” internet neşiriniň sahypasyna eltýär.

Mundan başga-da Türkmenistanyň Awstriýadaky, Britaniýadaky, Ukrainadaky, Belarusdaky ilçihanalarynyň hem resmi saýtlary elýeterli däl.

Ýokarky agzalyp geçilen saýtlaryň hiç birinde olara näme sebäpden girip bolmaýandygy barada maglumat berilmeýär, diňe serweriň “ýalňyşlyk” we “sahypanyň elýeterli däldigi” baradaky duýduryşy peýda bolýar.

Diňe Türkmenistanyň Germaniýadaky ilçihanasynyň websaýtynda ilçihananyň iş tertibi, habarlaşmak üçin maglumatlar we sahypanyň “redaktirlenýändigi” barada bildiriş ýerleşdirilipdir.

Şeýle-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekilhanasynyň sahypasyna giriljek bolnanda, sahypanyň “offline” ýagdaýa geçirilendigi we onuň “ýakyn wagtda düzediljekdigi” barada serweriň bildirişi berilýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi websaýtynda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň internet sahypalarynyň işiniň näme sebäpden durzulandygy barada hiç hili maglumat ýa düşündiriş berilmeýär.

Azatlyk Radiosynyň bu mesele boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we degişli ilçihanalaryň resmileri bilen habarlaşmak synanyşyklarynyň ählisi şowsuz gutardy. Türkmen resmileri nähilidir bir kommentariý bermekden ýüz öwürdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň berýän maglumatyna görä, ýurduň dünýäniň otuzdan gowrak döwletinde öz ilçihanasy bar. Emma, gepiň gerdişine görä aýtsak, olaryň diňe bary-ýogy birnäçesiniň Internetde öz resmi websaýtlary bar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG