Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” owgan türmesine hüjüm etdi


“Talyban” owgan türmesine hüjüm etdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:21 0:00

“Talyban” owgan türmesine hüjüm etdi

"Talyban" söweşijileri merkezi owgan şäheri Gaznada bir türmä hüjüm edip, polis işgärlerini öldürip, ýüzlerçe tussagy boşatdylar.

Gazna welaýatynyň häkiminiň orunbasary Mohammad Ali Ahmadi hüjümiň 14-nji sentýabrda ir ertir janyndan geçen hüjümçileriň bir awtoulagy partladyp, beýleki söweşijilere türmäniň jaýyna girmäge ýol açmagy bilen başlanandygyny aýtdy.

Ahmadiniň aýtmagyna görä, türmeden 400-den agdyk adam gaçypdyr. Olaryň 80 töweregi gaýtadan ele salnypdyr. Tussaglaryň 352-si, şol sanda ”Talybanyň” 150-ä golaý söweşijisi häzir gaçyp ýör.

Ahmadi hüjümde ýedi sany ”Talyban” söweşijisi bilen howpsuzlyk güýçlerinden dört adamyň ölendigini bildirdi.

Türmede iň howply hasaplanýan 20 adam

"Kömek üçin iberilen bir harby ulag türmä golaýlap gelýärkä, ýoluň gyrasynda ýerleşdirilen bir bomba uçrap partlady" diýip Ahmadi gürrüň berdi.

“Talybanyň” sözçüsi Zabihullah Mujahid hüjümi bu toparyň amala aşyrandygyny tassyklap, ony amala aşyranlaryň ýaragly adamlar we üç sany janyndan geçen bombaçydygyny aýtdy.

Ahmadi türmaniň Gazna ýakyn, şäheriň merkezinden diňe ýedi kilometr aralykda bolany üçin howpsuzlyk çäreleriniň güýçli bolmandygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, bir ýaramaz hadysa bolan halatynda ol ýere çalt kömek iberip bolar diýen pikirden ugur alnypdyr.

Ýöne Ahmadiniň sözlerine görä, türmede iň howply hasaplanýan 20 adam hüjümden bir gün oň başga bir türmä geçirilipdir.

Jeňçiler

Häkimiýetler gije şäheriň azyndan 10 ýerine “Talyban” söweşijileri tarapyndan hüjüm edilendigini aýdýarlar.

Howpsuzlyk işgärleriniň biri raketa bilen atylýan granatly we awtomatik ýaragly jeňçileriň bu hüjüme Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň geýýän eginbaşyny geýip gelendiklerini aýtdy.

Reuters habar gullugynyň bir habarçysy Kabulyň 120 kilometrlik günorta-günbatarynda ýerleşýän Gazna şäherinde tussaghananyň daşynda iki adamyň jesedini görüpdir. Bular janyndan geçen jeňçilerdir diýip pikir edilýär. Awtoulagyň hem tussaghananyň esasy girelgesini dargatmak üçn partladylan bolmagy mümkin.

2011-nji ýylda Gandagar welaýatynda bir türmeden “Talybanyň” 500 çemesi jeňçisi bilen kommandirleri gaçdy. Hökümet bu hadysany şonda howpsuzlyk "betbagtçylygy" diýip atlandyrypdy.

”Talyban” güýçleri Aşraf Ganiniň çet ýurtlar tarapyndan goldanylýan hökümetini agdarmak, çet ýurtly güýçleri Owganystandan çykarmak we ýurtda berk manydaky yslam kanunyny girizmek üçin uruşýarlar.

XS
SM
MD
LG