Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Işe ir başlamaklyk adamy gynaýar


Işe ir başlamaklyk adamy gynaýar
Işe ir başlamaklyk adamy gynaýar

Oksford uniwersitetiniň alymlary işiň ir sagat dokuzdan başlanmagy adamyň bedeni üçin hakyky gynama bolýar diýen netijä gelipdirler.

Ýaňy-ýakynda çap bolan maglumatlarda alymlaryň adatça kadaly diýlip hasaplanylýan iş grafiginiň, ýagny ir sagat 9:00-dan agşam 17:00-a çenli dowam edýän iş wagtynyň, adamyň iş ukybyna we saglygyna negatiw täsir edýändigi aýdylýar.

Alymlaryň pikirine görä, ir turmak adamyň biologik ritmlerine ters gelýär we şeýle wagt tertibiniň yzygiderli saklanylmagynyň netijesinde dürli keselleriň döremegi mümkin. Şeýlelikde ir sagat 9-da başlanýan we sekiz sagat dowam edýän iş güni işgäriň işe ukybyny we özüni duýşyny ýaramazlaşdyrýar.

Has amatly pursat

Oksford uniwersitetiniň alymlary adamyň iş gününi başlamak üçin iň amatly wagty hem kesgitläpdirler.

Ir sagat on [işe başlamaga] adamyň bedeni üçin iň amatly wagtdyr we şol wagt adam hem oýanyp ýetişýär hem-de onuň bedenine zyýan ýetmeýär. Ýagny, bir sagat artykmaç uky ýürek-damar keselleriniň döremek töwekgelçiligini peseldýär we hroniki stresiň öňüni alýar.

Bu barlaglar bilen bagly maglumatlaryň ýene birinde ir turýan adamlaryň ukusyny doly alyp bilmeýändigi we uky depriwasiýasyna, ýagny ukynyň gyltyzlygyna uçraýandygy aýdylýar. Alymlar şu günki gün bu problemadan bütin adamzadyň ejir çekýändigini aýdýarlar.

Bütin dünýäde adamlaryň aglaba köpüsi tutuş ömrüniň dowamynda ir sagat 9-da işe başlaýarlar. Alymlar şeýle işgärleriň ýürek-damar kesellerden, böwrek, endokrin sistemalary bilen bagly keselleriň döremeginden has köp ejir çekýändiklerini, üstesine, şeýle adamlaryň gaharjaň bolýandygy we olaryň streslere garşy durmak ukybynyň gowşaýandygyny tekrarlanýar.

Depriwasiýa - adamynyň iň zerur durmuş zerurlyklaryny kanagatlandyrmak mümkinçiliginden mahrum bolmagy sebäpli döreýän psihiki ýagdaýdyr.

XS
SM
MD
LG