Sepleriň elýeterliligi

YD Özbegistandan doktorlary çagyrýarmy?


YD Özbegistandan doktorlary çagyrýarmy?

YD Özbegistandan doktorlary çagyrýarmy?

Özbekleriň näçesiniň Siriýada YD-e ýa-da beýleki jeňçi toparlara goşulandygy takyk bilinmeýär. Bu ugurdan köpsanly resmiler we synçylar tarapyndan birnäçe tapawutly sanlar öňe sürülýär.

Özbegistanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň (ÖMHG) analizçisi Husan Mamurowyň aýtmagyna görä, “Yslam Döwleti” (YD) jeňçi topary Özbegistandan doktorlar we inženerler ýaly “hünärmenleri’’ işe çagyrýar.

Mamurowyň 4-nji sentýabrda ýerli mediada aýtmagyna görä, özbekleriň köpüsi YD tarapyndan diňe söweşiji hökmünde çagyrylman, eýse döwlet gurmaga kömek edip biljek doktorlar, mugallymlar, elektrikler we hatda aşpezler ýaly hünärli adamlary işe çagyrmaga başlady.

Maşgalalaryny getirmek üçin pul

“12news.uz” websaýtyna görä Mamurow YD-niň şol şahslara öz maşgalalaryny YD-niň kontrollygyndaky territoriýalara getirmek üçin $20.000-dan $30.000-a çenli pul hödürleýändigini aýdýar.

ÖMHG analizçileri takmynan 500-600 töweregi özbegistanlynyň YD toparynda söweşýändigini çaklaýarlar. “Ýöne bizde YD-niň kontrollygyndaky ýerlere göçen özbek raýatlary hakynda ygtybarly maglumatlar ýok’’ diýip Mamurow öz sözüniň üstüne goşýar.

Mamurowyň aýdýanlary birnäçe sebäpden möhümdir.

Söweşiji bolmaýanlaryň sanawa alynmaýanlygy sebäpli Siriýa we Yrakda YD-e goşulan özbekleriň sanynyň häzirki takmyn hasapdan has ýokary bolup biljekdigini ol ilkinji gezek öňe sürýär.

Aslynda näçe özbegiň Siriýadaky YD-e ýa-da beýleki jeňçi toparlara goşulanlygy bilinmeýär. Köpsanly resmiler we analizçiler tarapyndan bu ugurdan birnäçe tapawutly sanlar öňe sürülýär.

Söweşiji doktorlar

Diňe Özbegistandan däl, eýse dünýäniň her ýerinden medisina hünärmenleriniň YD-e tarapyndan işe alynýanlygy hakynda birnäçe subutnamalar bar.

Aprel aýynda sosial mediada YD toparynda söweşýän Adam el-Almany atly çeçen söweşijisiniň medisina ugrundan okaýan erkekleri we zenanlary Siriýadaky “Medisina Batalýoonyna” çagyrýandygy baradaky habarlar peýda boldy.

Doktorlar üçin Almanynyň çagyryşy iňlisçe gürleýän lukmanlaryň medisina hünärmenlerini YD-niň kontrollygyndaky ýerlere göçürýändikleri YD-niň wideosynda gabat geldi. Wideoda awstraliýaly 29 ýaşly çaga doktory Tarek Kamleh we iňlisçe gürleýän Abu Mukatil Hindi atly fizioterapewt bardy.

Buýruk we propaganda

Apreldäki wideo diňe bir çagyryş däldi. Propaganda habarlarynda aýdyşlaryna görä, YD özüniň Sosial saglygy goraýyş programmasyny döretmäge başlady. Bu esasy bir zady subut edýär, ýagny YD-e özüniň hakyky döwletdigini subut etmek üçin tejribeli doktorlar we medisina hünärmenleri zerur.

Bulary görkezmek bilen YD öz kontrollygyndaky ýerlerde saglyk hyzmatlaryny ýöredip, ýurdy dolandyrmaga ukyplydygyny subut edip biler. Ýagny, Mamurowyň aýdyşy ýaly, saglyk işgärleriniň işe çagyrylmagy YD-niň hakyky “Halyfatlyk” gurmaga çalyşýandygyny görkezýär.

Propagandadan daşgary näme sebäpden YD-e medisina hünärmenleriniň zerurdygynyň has takyk sebäpleri hem bar. Mysal üçin, YD söweş meýdanlarynda ýaralanan söweşijilerini bejertmeli bolýar.

YD-niň düzgünleri

YD-däki ýa-da beýleki jeňçi toparlardaky söweşijlere, eger ýaralanslar, Türkiýä bejergi üçin gitmäge rugsat berilýär. Yöne olardan käbirlerileriniň [şeýle ýagdaýda] öz ýurtlaryna dolanmak mümkinçiligini ulanýandyklary-da habar berilýär.

YD-niň ýerli doktorlary özleri üçin işlemäge ynandyrmakda käbir meseleler orta çykypdyr. Zenan wraçlaryň aýtmaklaryna görä, YD-niň hyjab giýmek we erkek kärdeşleri bilen gepleşmegi gadagan etmek ýaly gaty düzgünleri işlerini dowam etmegini kynlaşdyrýar.

Žurnalist Jenan Musanyň ele salan dokumentlerine görä, YD gerekli medisina hünarmenleriniň öz kontrollygyndaky ýerlere gaýdyp gelmekleri üçin basyş edýär, söweşiji topar olaryň emläklerini konfisikasiýa etmek bilen haýbat atýar.

Jenan Moussa: “mende şu YD dokumenti bar. Halyfatlykdan gidýän doktorlara duýduryş berýär. Dolanyň ýa-da emlägiňiz konfisikasiýa ediler’’.

Diňe YD däl

Özbegistandan we öňki SSSR-iň düzümine giren döwletlerden doktorlary çagyrýan diňe bir YD däl.

Siriýadaky “Al-Kaýda” bagly özbekleriň baştutanlyk edýän söweşiji topary “Jabhat el-Nusrada” söweşýän we Russiýanyň Wolgograd welaýatyndandygy aýdylýan Abu Rofik rusça gürleýän medisina işgärleriniň öz toparyna goşulmaklaryny birnäçe gezek sorapdyr.

“Bize çaga doktorlary, Gulak-burun-bogaz, terapewti, ýokanç keselleri we inçekesel doktorlary gerek’’ diýip, Abu Rofik özüniň “VKontakte” sosial aragatnaşyk hasabynda soňky çagyryşlarynda aýtdy.

Biz asla YD-e goşulmarys

Ýöne Mamurowyň aýdýanlary we YD propagandasyndan başga anyk näçe sany özbek raýaty bolan medisina hünärmeniniň YD-e toparyna goşulandygy belli däl.

Samarkantly Fariddin Muhiddinow atly bir ýaş doktoryň ýerli mediada aýtmagyna görä, ol YD-niň çagyryşyny ret edipdir. Oňa 2014-nji ýylda okuwy gutarandan soň Siriýa gelmegi üçin $45.000 dollar hödürläpdirler.

Ýene bir özbek doktory Abdulrahim Bozorow Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna özüniň we kärdeşleriniň Özbegistanda doktor hökmünde alýan aýlyklary diýseň pes hem bolsa, asla jeňçi topara goşulmajakdygyny gürrüň berdi.

Bozorow bu meselede öz pikirini şeýle beýan edýär: “Kärdeşlerimiň käbirleri Gazagystana we hatda Ýakyn Gündogar ýurtlaryna gidýärler, emma näçe pul töleseler-de, asla olar ýaly dinsiz we zandyýaman toparlara goşulmazlar”.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG