Sepleriň elýeterliligi

Eýran Hytaý bilen hyzmatdaşlygy isleýär


Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif (ç) Hytaýyň daşary işler ministri Wang Ýi (s), 15-nji sentýabr, 2015

Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif (ç) Hytaýyň daşary işler ministri Wang Ýi (s), 15-nji sentýabr, 2015

Eýran Ýakyn Gündogardaky dartgynlylygy we durnuksyzlygy çözmek ugrunda Hytaýyň ýardamyny isleýär we sanksiýalar ýatyrylanda has köp hytaýly şirketi bilen işleşmek isleýär.

Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif bu barada 15-nji sentýabrda Pekinde hytaýly kärdeşi Wang Ýi bilen gepleşiklerinde aýtdy.

Tähranyň we dünýäniň täsirli ýurtlarynyň arasynda iýul aýynda gelnen ylalaşyk Eýrana garşy halkara sanksiýalarynyň ýatyrylmagyny, Eýranyň bolsa ýadro programmasyny çäklendirmegini göz öňünde tutuýar.

Hytaý Eýranyň nebitiniň iň uly hyrydary. Zarif iki ýurduň “meňzeş kynçylyklarynyň we mümkinçilikleriniň” bardygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG