Sepleriň elýeterliligi

Tatar aktiwisti türmä höküm edildi


Orsýetiň Tatarstan respublikasynyň sudy Tatar Jemgyýetçilik merkeziniň başlygyny üç ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

15-nji sentýabrda sud Rafis Kaşapowy separatizme çagyrmakda we etnikara ýigrenji tutaşdyrmakda aýyplap, şol günüň özünde tussag etdi.

Kaşapow geçen ýylda Orsýetiň tatar ilatly Krym ýarymadasyny Ukrainadan bölüp, öz düzümine goşmak hereketini berk ýazgaryp, internetde ençeme maglumatlary çap edipdi.

Ol 28-nji dekabrda Türkiýeden öýüne dolanan wagtynda tussag edilipdi.
Kaşapow özüniň bigünädigini aýdýar we öz işiniň syýasy sebäpler bilen baglydygyny belleýär.

Kaşapowyň ýolbaşçylygyndaky Tatar jemgyýetçilik merkezi tatarlaryň milliligini, dilini we medeniýetini gorap saklamak ugrunda iş alyp barýar.

XS
SM
MD
LG