Sepleriň elýeterliligi

Moldowa: 'Budulaý' aradan çykdy


Meşhur moldowaly artist Mihai Wolontir, 1985

Meşhur moldowaly artist Mihai Wolontir, 1985

Meşhur moldowaly artist Mihai Wolontir 81 ýaşynda aradan çykdy.

Moldowanyň media maglumatlaryna görä, sowet döwründe tutuş ýurtda tanalan artist Moldowanyň Balti şäherinde keselhanada aradan çykypdyr.

Wolontir soňky ýyllaryň dowamynda rak we gant kesellerinden ejir çekipdi.

2000-nji ýylda Moldowanyň häkimiýetleri ony 20-njy asyryň iň beýik moldowan artisti diýip ykrar edipdiler.

Wolontir teatrda 120 we kinoda 30 çemesi rol oýnady.

1998-nji ýylda sowet häkimiýetleri Mihai Wolontire “Tsigan” we “Budulaýyň dolanmagy” atly kino kartinalardan soň SSSR-iň halk artisti diýen at beripdi.

XS
SM
MD
LG