Sepleriň elýeterliligi

Wengriýa: Polisiýa migrantlary ele saldy


Bosgunlar Serbiýanyň-Wengriýa bilen serhedindäki gorag haýatynyň öňünde, Horgos, 15-nji sentýabr, 2015

Bosgunlar Serbiýanyň-Wengriýa bilen serhedindäki gorag haýatynyň öňünde, Horgos, 15-nji sentýabr, 2015

Wengriýanyň polisiýasy Serbiýa bilen serhetde gorag haýatlaryndan bikanun geçen dokuz siriýaly we ýedi owganystanly bosguny tussag edendigini aýtdy.

Munuň öňüsyrasynda Wengriýada Ýakyn Gündogardan, Aziýadan we Afrikadan gelýän migrantlar meselesine çemeleşmek boýunça kabul edilen kanun 15-nji sentýabrda güýje girdi.

Kanunda göz öňünde tutulan çäreleriň biri Wengriýanyň täze döredilen serhet goraglaryny bozanlaryň jenaýat jogapkärçiligine çekilmegini, ýagny olaryň türme tussaglygyna höküm edilmegini ýa-da deportasiýa edilmegini göz öňünde tutýar.

Ýewropa Bileleşiginiň Italiýa, Gresiýa we Wengriýa barýan 120 müň migranty bileleşigiň ýurtlaryna ýerleşdirmek barada öňe süren plany başa barmady.

Çehiýa Respublikasy, Slowakiýa we Wengriýa ÝB-niň adatdan daşary maslahatynda plana garşy çykanlaryň arasynda boldular.

XS
SM
MD
LG