Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Geldi Kärizow Türkmenistandan çykdy


Geldi Kärizow.
Geldi Kärizow.

Ençeme ýyl bäri Türkmenistandan daşary ýurda çykarylman saklanan, belli türkmen atşynasy Geldi Kärizow Aşgabatdan Moskwa bardy. Bu barada birnäçe habar websaýtlarynyň we hukuk goraýjy toparlaryň ýaýradan maglumatlarynda habar berilýär.

Düýbi Täze Zelandiýada ýerleşýän “Horsetalk” internet neşiri Kärizowyň 14-nji sentýabrda Türkmenistandan goýberilendigi bardaky maglumaty onuň hut öz ogly Dawudyň tassykladandygyny belläp: “Öz ýurdunda [uzak ýyllar boýy] tussaglykda saklanan atşynas Geldi Kärizow häzirki wagtda Orsýete çykdy” diýip ýazýar.

Geldi Kärizow.
Geldi Kärizow.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän “Memorial” guramasy 64 ýaşyndaky Kärizowyň 12-nji sentýabrda Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligine çagyrylandygyny we ol ýerde oňa öz aýalynyň ýanyna – Moskwa gidip biljekdiginiň aýdylandygyny habar berýär.

Hukuk goraýjy toparlar

Ýatladyp geçsek, ahal-teke atlarynyň gorap saklanmagyna goşant goşan Geldi Kärizow saglygyna seretdirmek üçin daşary ýurda çykjak bolanda, onuň ençeme gezek öňi alnypdy. Soňky gezek, mundan birnäçe hepde ozal Moskwa uçmakçy bolanda, ol uçardan düşürilip, alnyp galyndy.

Bu waka ençeme hukuk goraýjy toparlaryň we guramalaryň türkmen häkimiýetlerine Kärizowyň ýurtdan goýberilmegine çagyryp ýörite beýanatlar bilen çykyş etmegine sebäp boldy.

Galyberse-de, dünýäniň dürli künjeklerinden atşynaslar, seýisler, çapyksuwarlar we atçylyk senedi bilen gyzyklanýan ýazyjylar, žurnalistler, hudožnikler Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedowa hat ýazyp, Kärizowyň öz maşgalasy bilen medisina bejergisini alyp bilmegi üçin, oňa Orsýete gitmäge rugsat bermäge çagyrdylar.

Gyzy ýurtdan goýberilmedi

Kärizow “Türkmenatlary” döwlet birleşiginiň ozalky ýolbaşçysydyr. Ol 2002-nji ýylyň fewralynda “işde goýberen kemçilikleri” diýen günäleme bilen wezipesinden boşadylypdy. Şol ýylyň dekabrynda-da ol “wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmak we bedewleriň kontrabandasynda” aýyplanyp, tussag edilipdi. Käbir hukuk goraýjy toparlar bu işiň ýörite matlap bilen gurnalandygyny öňe sürüpdiler.

Kärizow 2007-nji ýylyň oktýabrynda yglan edilen günägeçişlikde azatlyga goýberildi.

“Memorial” guramasynyň 15-nji sentýabrda ýaýradan beýanatynda Kärizowyň Russiýanyň we Türkmenistanyň raýatlygyna eýe bolan 14 ýaşyndaky gyzy Sofiýanyň we onuň aýalynyň dogany Ýelena Srebrýannigiň ýurtdan çykmagyna rugsat berilmändigi bellenilýär.

Düýbi Moskwada ýerleşýän bu agzalýan guramanyň beýanatynda türkmen häkimiýetleriniň Kärizowy ýurtdan goýbermek baradaky çäresiniň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça Warşawada geçiriljek ýyllyk ýygnagynyň öň ýanynda amala aşyrylandygyna üns çekilýär.

XS
SM
MD
LG