Sepleriň elýeterliligi

Waşington Orsýete duýduryş berýär


Waşington Orsýete Siriýanyň lideri Başar al-Assadyň «Yslam döwleti» toparyna garşy söweşde rolunyň ýokdugyny duýdurdy.

Bu duýduryş Kreml Siriýanyň liderine berýän goldawynyň täze tapgyryna başlanyndan soň berildi.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri 15-nji sentýabrda rus kärdeşi Sergeý Lawrowa telefon edip, ABŞ-nyň Siriýanyň prezidentiniň işden çekilmelidigi baradaky pozisiýasyny üýtgetmändigini, soňra beýleki taraplaryň dört ýyllyk raýat urşuny soňlamak boýunça ylalaşyga gelmelidigini aýtdy.

Bu telefon gürrüňi rus prezidenti Wladimir Putin Orsýetiň Assada «Yslam döwleti» toparyny ýeňmegi üçin harby goldaw bermek isleýändigini nygtandan soň edildi.

XS
SM
MD
LG