Sepleriň elýeterliligi

Serbiýadaky migrantlar Horwatiýa gidýär


Serbiýadaky migrantlar indi, Wengriýa öz serhedini ýapanyndan soň, Günbatar Ýewropa girmek üçin Horwatiýa gitmäge başladylar.

Serbiýanyň mediasy azyndan 10 awtobusyň Serbiýanyň günorta serhedinden Makedoniýa bilen serhetdäki Sid şäherine gelendigini aýdýar.

Olar Horwatiýa bilen serhede 16-njy sentýatbrda gelipdir.

"Roýtersiň" kameraçysy azyndan 100 migrantyň mekgejöwen meýdançasynyň içinden Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolan Horwatiýa tarap ýöräp barýandygyny gördi.

Horwat polisiýasy migrantlaryň ilkinji tapgyrynyň daşyny gabap, olary hasaba almak üçin alyp gitdi.

XS
SM
MD
LG