Sepleriň elýeterliligi

Täjik çaknyşyklarynda komandir öldi


Täjigistanda hökümet güýçleri bilen goranmak ministriniň ozalky orunbasaryna ygrarly söweşijileriň arasyndaky çaknyşykda bir ofiser öldürildi.

Azatlygyň Täjik gullugynyň maglumatyna görä, «Alfa» ýörite güýçler birleşiginiň komandiri, polkownik Rustam Amakiýew Romit jülgesinde bolan söweşde öldürilipdir.

Ýörite güýçleriň ýene bir söweşijisi bolsa 15-nji sentýabrda, giçlik başlan atyşykda wepat bolupdyr. Içeri işler ministrliginiň iki esgeriniň ýaralanandygy aýdylýar.

Azatlygyň Täjik gullugy resmilere salgylanyp, Duşenbedäki hüjümlerde aýyplanýan Abduhalim Nazarzodanyň tarapdarlaryndan 20-siniň öldürilendigini, 100 çemesiniň tussag edilendigini habar berýär.

XS
SM
MD
LG