Sepleriň elýeterliligi

Rohani: Eýrana neşe we işsizlik howp salýar


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Yslam respublikasyna suw ýetmezçiliginiň, işsizligiň, inflýasiýanyň we neşekeşlik ýaly problemalaryň wehim salýandygyny aýtdy.

Rohany bu bellikleri 15-nji sentýabrda, Eýranyň Rewolýusiýa gwardiýa korpusynyň öňünde sözlän sözünde dile getirdi. Rohani «Biziň duşmanlarymyz diňe zionstler, Amerika we terrorçylar däl» diýdi.

Ol Eýranyň üstün çykmaly başga duşmanlarynyň bardygyny aýtdy we olaryň arasynda inflýasiýa, ykdysady çökgünlik, ahlak ýagdaýynyň gowşamagy hem bardy diýdi.

Şeýle-de Rohani neşekeşligiň we är-aýallaryň aýrylşmagynyň yslam gurluşynyň garaşsyzlygy üçin howply duşmanlar bolup durýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG