Sepleriň elýeterliligi

Facebook "dislike" düwmesini girizmekçi


Feýsbuk sosial ulgamynyň esaslandyryjysy we baştutany Mark Zukerberg 15-nji sentýabrda adamlaryň birnäçe ýyl bäri "like" – «haladym» düwmesiniň gapdalyndan bir alternatiw düwmäniň hem girizilmegini soraýandyklaryny aýtdy.

Zukerberg «haladym» düwmesiniň hemişe ýerlikli bolmandygyny, sebäbi betbagtçylykly hadysalar baradaky habarlaryň hem bolýandygyny, onsoň adamlaryň duýgudaşlyk bildirmek isleýändiklerini aýtdy.

Emma ol kompaniýanyň «halamadym» düwmesinden başga adamlaryň ýerleşdiren zatlarynyň ýüzüne urulmazlygy üçin gaça durandygyny hem sözüne goşdy.

Zukerberg basym täze düwmäniň synaga goýberiljekdigini aýtdy.
Feýsbugyň dünýä boýunça her aý 1.5 milliard ulanyjysy bolýar.

XS
SM
MD
LG