Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Obama bilen 'dialoga açyk'


Kreml rus prezidenti Wladimir Putin şu aýyň aýagynda BMG-ä baranda, amerikan kärdeşi Barak Obama bilen duşuşmaga taýýar diýdi.

"Prezident Putin gepleşik üçin hemişe açyk, hususan-da kärdeşi Barak Obama bilen gepleşmek üçin» diýip, Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow 15-nji sentýabrda aýtdy.

Emma ol Putin duşuşmakçy bolsa-da, beýle zadyň planlaşdyrylmandygyny aýtdy.
Ak tamyň sözçüsi Joş Ernest Obama bilen Putiniň Nýu-Ýorkda duşuşmagynyň ahmaldygyny aýtdy, emma hiç bir anyk plany tassyklap bilmejegini sözüne goşdy.

«Elbetde, ol ýerde iki lideriň duşuşmak ähtimallygy bar, sebäbi olaryň ikisem ol ýerde şol bir wagtda bolarlar» diýip, ol aýtdy.

Putin Nýu-Ýorka 28-nji sentýabrda, BMG-niň Baş Assambleýasynda çykyş etmäge gelmeli.

XS
SM
MD
LG