Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşky bezegi gozganýan kitaplar


Daşky bezegi gozganýan kitaplar
Daşky bezegi gozganýan kitaplar

Çilili grafikaçy suratkeş Hawier Hensen (Javier Jensen) temalary we daş keşbi bilen dünýäniň ýörgünli klassyky eserleriniň arasynda orun alan kitaplary GIF programmasynyň üsti bilen, edil janly ýaly hereket edýän ýagdaýa getirýär.

Onuň taýýarlan programmasynda F.Skott Fitžeraldyň (F. Scott Fitzgerald) "Ajaýyp Gatsby" atly kitabynyň täsinligi bilen meşhurlyk gazanan jiltiniň birnji sahypasynda çekilen goşa göz emaý bilen gyrpyp dur.

Artur Konan Doýluň (Arthur Conan Doyle) meşhur detektiw eseri “Şerlok Holmsuň” müşdüginden bolsa suratda tüsse çykýar. Şeýlelik-de Hawier Hensen klassyky kitaplaryň daş keşbini üýtgetmän, olary diňe görenleriň has-da ünsüni çeker ýaly etmäge synanyşýar.

Kitaplaryň hereket edýän täze jiltleriniň, ýagny daşlarynyň arasynda iň köp üns çekýän German Melweýliň (Herman Melville) "Moby Dick" atly romanydyr. Aslynda daşky görnüşi gaty ýönekeý bolan bu kitabyň jildiniň birinji sahypasynda ýerleşdirilen kitiň suratynyň guýrugy okeanyň suwuna batyp-çykyp dur...

Hensen kitaplaryň hereket edýän täze daşlarynyň sergisinde şeýle diýdi: "Tapawutly temalar babatda biziň her birimiziň öz pikirlerimiziň, düýşlerimiziň we ynançlarymyzyň döremegine sebäp bolan bu romanlara men täzeçe bir görk bermek isledim".

"Kitaplaryň bezeginde ulanan täzeçe görnüşlerim meniň her gezek ol romanlaryň daşyny synlanymda aňymda döreýän hereketli suratlardyr".

Hawier Henseniň täzeçe bezän kitap daşlaryny şu ýerden synlap bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG