Sepleriň elýeterliligi

Täjigistan: Partiýa lideri tutuldy


Täjigistanyň Yslam gaýtadan döreýiş partiýasynyň başlygynyň birinji orunbasary Saýdumar Husaýni Duşenbede tussag edildi.

Yslamçy partiýanyň başlygy Mahmadali Haýt Azatlyk radiosyna Husaýniniň 16-njy sentýabrda, Duşenbäniň halkara aeroportunda Almaty şäherine uçmakçy bolýan uçaryň üstünde tussag edilip, tussaghana ýerleşdirilendigini aýtdy.

Täjigistanyň Yslamçy gaýtadan döreýiş partiýasy geçen aý ýapylyp, onuň ähli işini togtatmagy üçin 7-nji sentýabra çenli 10 gün möhlet berlipdi.

XS
SM
MD
LG