Sepleriň elýeterliligi

Ençeme ýyl bäri Türkmenistandan daşary ýurda çykarylman saklanan, abraýly türkmen atşynasy Geldi Kärizow Aşgabatdan Moskwa bardy. Azatlyk Radiosy Geldi Kärizowyň hal ýagdaýyny sorap, onuň ogly Dawud bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Dawud, kakaňyzyň hal-ýagdaýy nähili?

Dawud Kärizow: Elbetde, onuň 13 ýyldan gowragyny tussaglykda diýen ýaly, ýurtdan çykmagyna rugsat berilmän, syýasy repressiýalaryň astynda geçirensoň, ol häzir şok ýagdaýynda.

Ol häzir özüniň azat bolandygyny entegem doly duýmaýar.

Ýöne onuň doly azatdygyny aýdyp bolmaýar, sebäbi onuň gyzy we daýzam Türkmenistanda tussag hökmünde zamun alnyp galyndy. Emma, umuman, kakam häzir şat, olar lukmanlar, professorlar bilen gepleşdiler, sebäbi bu biz üçin iň ähmiýetli mesele, sebäbi kakamyň gözi görmesini ýitirip barýar. Ol gaýra goýulmazdan gözüni bejertmeli. Türkmenistandaky lukmanlar oňa biziň elimizden gelýän zat ýok, ýöne tiz wagtda siziň kör bolmagyňyz ähtimal diýdiler. Kakamyň bogun agyrylary hem bar, aşgazanynda hem kemçilik bar. Bu keselleriň ählisi ýyllar boýy toplanyp geldi. Kakamyň ýurduň daşyna çykmagy gowy boldy, ilkinji nobatda indi onuň saglygy bejeriler.

Azatlyk Radiosy: Geldi Kärizow nähili ýagdaýda Türkmenistanyň daşyna çykyp bildi? Bu barada gürrüň beräýseňiz?

Dawud Kärizow: Aşgabatda Milli howpsuzlyk ministrliginde duşuşyk bolupdyr. Bu duşuşykda kakamdan näme üçin aýalyňyz ýurda gaýdyp gelmedi diýip sorapdylar. Meniň ejeme üç-dört aý mundan ozal, Orsýete gitmäge rugsat berlende, türkmen häkimiýetleri maşgalamyza ýörite ýol açýandyklaryny duýdurypdylar, ýagny olaryň islän wagtynda gidip-gelip bilmeýändigi, diňe döwlet tarapyndan rugsat berilmegine amatly diýlip hasap edilen wagtynda ýurduň daşyna gidip bilýändikleri aýdyldy. Başda kakamy hem ýurtdan çykarjakdyklary aýdyldy, emma olar wadasynda tapylmadylar. Şu sapar çagyranlarynda kakam Milli howpsuzlyk ministriniň orunbasary bilen gürrüňdeş boldy. Oňa bolýar, Geldi Kärizow, siziň saglyk bilen bagly problemaňyz bar, siz bu barada mydama aýdyp ýörsüňiz, biz muny mydama eşidip gelýäris, şonuň üçin şu sapar biz size gitmäge rugsat bereris, emma siziň gyzyňyz we aýalyňyzyň dogany galmaly bolarlar, siz aýalyňyz bilen yzyňyza gaýdyp geliň, [galanyny] soň göreris diýdiler.

Azatlyk Radiosy: Geldi Kärizowyň ýurduň daşyna çykmagyna rugsat berlende onuň öňünde haýsy-da bolsa bir şert goýuldymy?

Dawud Kärizow: Elbetde, şert goýuldy, oňa ýurduň daşyna çykanda gürlemäge hukugynyň ýokdugy aýdyldy. Onuň diňe saglygyny bejertmek meselesi boýunça gidip barýandygy, döwlet baştutanynyň bar zatdan habarlydygy, hemme zady öz içinde saklamalydygy duýduryldy we “git saglygyňy bejert, emma sen yzyňa gaýdyp gelmeli” diýdiler.

Olar bu ýagdaýda meniň 14 ýaşly kiçijik jigimiň zamun ýaly ýurtda galmagyny gurnadylar.

Ony dokuz ýaşyndaka, men jigim bilen ýurtdan gaýtmaga synanyşanymda goýbermändiler, häzirem ony ýurtdan goýbermediler we girew hökmünde saklaýarlar.

Ýene bir waka boldy. Kakam aeroporta baran wagtynda ony pasport gözegçiliginde hemme ýolagçylaryň arasyndan ýeke özüni çagyryp, özüni neşä garşy göreş boýunça edaranyň ýolbaşçysy hökmünde tanadan adam “sen yzyňa gaýdyp geleňde ýanyň bilen neşe getirmejegiňe umyt baglaýarys” diýdi. Kakamyň ähli ýolagçylaryň arasyndan diňe ýeke özüniň çagyrylyp, oňa şeýle duýduryşyň berilmegi Geldi Kärizowyň köp geplese, ýa-da başga bir zat bolsa,

Türkmenistandaky köp sanly garyndaşlarynyň garşysyna neşe bilen bagly meseleleriň döremeginiň ähtimaldygy barada duýduryş ýaly bolup görünýär. Sebäbi maşgalamyz şeýle ýagdaýa eýýäm öňem sezewar edilipdi. 2002-nji ýylda kakamyň inisiniň ýanyna neşe taşlanyp, ony türmä basdylar. Şeýlelikde häzirki ýagdaýda, maşgalaň ýurtda galanda, hiç kim özüni howpsuz duýup bilmeýär.

Azatlyk Radiosy: Kakaňyza saglygyny bejerensoň gaýdyp gelmelidigi aýdyldy diýdiňiz, takyk wagt möhleti kesgitlendimi?

Dawud Kärizow: Olar kakamdan näçe wagtlyk gitmekçi diýip sorapdyrlar, kakam bolsa azyndan iki aýlap boljakdygyny, sebäbi halynyň agyrdygyny aýdypdyr. Göz öňüne getiriň, türmeden, “Owadan depeden” soň her gün seni terror edýärkäler, nerwden hem köp zat döreýär, şeýlelikde çynlakaý bejergi gerek bolar. Olar kakama bir-iki aýdan, maksimum üç aýdan garaşýandyklaryny aýdypdyrlar.

Azatlyk Radiosy: Maşgalaňyz häzirki ýagdaýda mundan beýläk näme etmekçi?

Dawud Kärizow: Häzir biziň esasy maksadymyz kakamyň zerur bejergi almagy bilen bagly. Sebäbi biziň esasy problemamyz şunuň bilen baglydy. Soň biz göreris, sebäbi meniň jigim henizem, daýzamam aňyrda galýarlar. Olaryň ýurtdan gaýtmagyna rugsat bermek üçin ejemiň we kakamyň ýurda dolanmagy şert edilip goýuldy. Onsoň jigimiň we daýzamyň ykbaly bizde gorky döredýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG