Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanda ýaragly çaknyşyklar boldy


Täjigistanyň goranmak ministriniň öňki orunbasary Abduhalim Nazarzoda

Täjigistanyň goranmak ministriniň öňki orunbasary Abduhalim Nazarzoda

Täjigistanda hökümet güýçleriniň we Duşenbede ýaňy-ýakynda bolan çaknyşyklaryň sebäpkäri diýlip yglan edilen goranmak ministriniň öňki orunbasarynyň tarapdarlarynyň arasynda täze çaknyşyklar boldy.

Täjigistanda hökümet güýçleriniň we Duşenbede ýaňy-ýakynda bolan çaknyşyklaryň sebäpkäri diýlip yglan edilen ýurduň goranmak ministriniň öňki orunbasarynyň tarapdarlarynyň arasynda täze çaknyşyklaryň bolandygy habar berilýär.

Duşenbeden gündogar tarapda ýerleşýän Romit Gorge regionynda bolan söweşlerde “Alfa” ýörite güýçleriniň birliginiň baştutany polkownik Rustam Amakiýew wepat boldy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna mälim bolşuna görä, Amakiýewiň ölümi baradaky maglumat güýç ulanyjy edaralara 16-njy sentýabrda irden gelip gowşupdyr.

15-nji sentýabrda agşam başlanan ok atyşykda ýörite güýçleriň ýene bir söweşijisiniň öldürilendigi we Içeri işler ministrliginiň iki wekiliniň ýaralanandygy habar berilýär.

Ýörite operasiýa gatnaşan çeşme AÝ/AR-nyň Täjik gullugy bilen söhbetdeşlikde 16-njy sentýabrda howpsuzlyk güýçleri tarapyndan öldürilen ençeme söweşijiniň arasynda Goranmak ministrliginiň ýolbaşçysynyň öňki orunbasary Abduhalim Nazarzodanyň hem bardygyny aýtdy.

Çeşmäniň AÝ/AR-a aýtmagyna görä, operasiýanyň dowamynda ýaragly toparyň jemi ýedi agzasy öldürilipdir. Olaryň arasynda Goranmak ministrliginiň öňki işgäri we Nazarzodanyň ýarany polkownik Junaýdullo Umarowyň hem öldürilendigi aýdyldy.

Milli howpsuzlyk komitetindäki çeşme ýaragly toparyň öldürilen agzalarynyň jesetleriniň henizem Romitde çaknyşygyň bolan ýerinde galýandygyny aýtdy.

Bu maglumat resmi taýdan tassyklanmady. Geçen hepdede köpçülikleýin habar serişdeleriniň general Nazarzodanyň öldürilendigi barada beren maglumaty hem tassyklanmandy.

15-nji sentýabrda agşam Romit jülgesiniň Pokrud atly ýerinde bolan ýaragly çaknyşyklarda jemi 11 adamyň, şol sanda howpsuzlyk güýçleriniň dört agzasynyň we Nazarzodanyň ýolbaşçylygyndaky ýaragly toparyň ýedi agzasynyň öldürilendigi hem habar berilýär.

Täjik resmileri Nazarzodany we onuň tarapdarlaryny 4-nji sentýabrda Duşenbäniň golaýynda polisiýa bölümine we harby arsenala edilen hüjümde aýyplaýarlar. Berilýän resmi habarlara görä, şol hüjümde 26 adam, şol sanda 9 polisiýa ofiseri we Emomali Rahmonyň režimine garşy baş göteren söweşijilerdigi güman edilýän 17 adam öldürilipdir.

Bu wakanyň yz ýany Täjigistanyň howpsuzlyk güýçleri Nazarzodanyň ýolbaşçylygyndaky ýaragly toparlary ele salmak boýunça ýörite operasiýa başlapdy.

Kanun goraýjy organlaryň maglumatlarynda goranmak ministriniň öňki orunbasarynyň öz tarapdarlary bilen bilelikde Romit jülgesinde gizlenendigi aýdyldy. Operasiýanyň dowamynda ýaragly toparyň agzalarydygy aýdylýan 100-den gowrak adam tussag edilipdir we 20-den gowrak adam öldürilipdir.

Soňky ýüz beren gandöküşiklikler ozalky sowet respublikasy bolan Täjigistanda gaýtadan durnuksyzlygyň başlanmagyndan täze howatyrlanmalary döredýär.

XS
SM
MD
LG