Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet täze sanksiýalary analizlär


Rus resmisi Moskwanyň Ukraina tarapyndan girizilen täze sanksiýalaryň mümkin bolan netijelerini analizlejegini aýdýar.

Premýer ministriň orunbasary Arkadiý Dworkowiç bu pikiri 17-nji sentýabrda RIA habar gullugy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Ukraina 16-njy sentýabrda, gündogardaky separatist gozgalaňçylaryň «bikanun saýlawlaryň» senesini bellemek kararyna jogap edip, sanksiýalaryň gerimini 400 şahsyýete we 90 kärhana çenli giňeltdi.

Donetskiniň separatist lideri Aleksandr Zaharçenko saýlawlara 18-nji oktýabrda başlamak baradaky karara gol çekdi.

Ukrain prezidenti Petro Poroşenko gozgalaňçylaryň hereketi fewralda baglaşylan Minsk parahatçylyk şertnamasyna wehim salýar diýdi.

Ukraina ýerli saýlawlary 25-nji oktýabrda geçirmeli etdi. Minsk şertnamasy gündogaryň separatist regionlaryndaky ýerli saýlawlaryň ýurduň galan bölegi bilen bilelikde geçirilmelidigini öňe sürýär.

XS
SM
MD
LG