Sepleriň elýeterliligi

Horwatiýanyň polisiýasy şu wagta çenli ýurda 5650 migrantyň gelip girendigini aýtdy.

Migrantlar 16-njy sentýabrda, Wengriýa özüniň Serbiýa bilen aradaky serhedini ýapanyndan soň, Balkan ýoluny üýtgetdiler we günbatar tarapa, Horwatiýa ugradylar.

Polisiýa 17-nji sentýabrda migrantlaryň Horwatiýa birnäçe geçiş nokadyndan girendigini aýtdy. Horwatiýa migrantlary hasaba alanyndan soň, olary paýtagt Zagrebiň töweregindäki kabul ediş merkezlerine geçirýär.

Bu ýurt birnäçe müň migranta ýardam edip biljekdigini, emma onlarça müň migranty kabul etmäge güýjüniň ýetmejekdigini aýdýar.

Şu aralykda BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun wenger polisiýasynyň Serbiýa bilen serhetdäki migrantlara ýowuz daraşmasyny görüp, «aňk bolandygyny» aýtdy.

Wenger polisiýasy 16-njy sentýabrda, tikenli sim germewini böwsen migrantlara garşy göz ýaşardyjy gaz we suw toplaryny ulandy.

XS
SM
MD
LG