Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan pitneçi generalyň ölümini tassyklady


Täjigistanyň Içeri işler ministrligi ýurduň goranmak ministriniň ozalky orunbasary Abduhalim Nazarzodanyň 16-njy sentýabrda, 10 goldawçysy bilen, Romit daglygyndaky ýaragly çaknyşyk mahalynda öldürilendigini tassyk etdi.

Täjigistanyň döwlet aňtaw gullugy bilen Içeri işler ministrliginiň bilelikde ýaýradan beýanatynda aýdylmagyna görä, Nazarzoda we onuň topary Duşenbeden 150 km uzaklykda, howpsuzlyk güýçleri tarapyndan gabawa salnyp, ýesir düşmekden boýun gaçyranlaryndan soň, öldürilipdir.

Täjigistanyň hökümeti Nazarzodany we onuň söweşijilerini 4-nji sentýabrda polisiýa stansiýasyna we harby arsenala hüjüm etmekde, 26 adamyň, şol sanda 9 ofiseriň we 17 jeňçiniň ölümine sebäp bolmakda aýyplady.

Täjigistanyň Baş prokuraturasy 17-nji sentýabrda Nazarzodanyň gadagan edilen Yslamçy gaýtadan döreýiş partiýasy bilen ilteşikli bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG