Sepleriň elýeterliligi

Bagdatda 14 adam öldürildi


Merkezi Bagdatda bolan iki kast ediş hüjüminde azyndan 14 adam öldi.

Yrak resmileri 17-nji sentýabrdaky hüjümleriň paýtagtdaky polisiýa nokatlaryny we söwda meýdanlaryny nyşana alandygyny aýtdylar.

Janyndan geçen bombaçylaryň biri Bagdadyň Bab al-Şarji diýen ýerini nyşana alyp, asuda ilatdan sekiz adamy we üç ofiseri öldürdi.

Bu partlamada 21 adam ýaralandy. Ikinji partlama al-Wathba skwerinde bolup, asuda ilatdan bäş adamy, iki polisiýa ofiserini öldürdi, 12 adamy bolsa ýaralady.

XS
SM
MD
LG