Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet göni gepleşik isleýär


Orsýet, Siriýa berýän harby goldawy zerarly dörän dartgynlyklar arasynda, Birleşen Ştatlar bilen göni harby gepleşik geçirmegi teklip edýär.

Döwlet sekretary Jon Kerri 16-njy sentýabrda Moskwanyň Orsýetiň Siriýada bolmagy bilen bagly ýüze çykyp biljek islendik konflikti aradan aýyrmak barada gepleşmek isleýändigini aýtdy.

ABŞ-nyň aňtaw we metbugat habarlarynde Orsýetiň Latakiýadaky howa bazasyna agyr ýaraglary, tanklary, deňizçi goşunlary eltendigi öň sürülýär.

Bu ýagdaý Waşingtony, Ysraýyly we konfliktiň töweregindäki beýleki oýunçylary howsala saldy.prezident Wladimir Putin 15-nji sentýabrda rus harbylarynyň we ýükleriniň ynsanperwer kömek bilen baglydygyny aýtdy.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow biraz öň Siriýa, prezident Başar al-Assadyň režiminiň «terrorçylara» garşy söweşine kömek üçin, harby ýarag iberilendigini tassyk etdi.

XS
SM
MD
LG