Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Krym tatarlary 'gabawa' başlaýar


Krym tatarlary özleriniň Ukrainadan geçen ýyl Orsýet tarapyndan anneksiýa edilen Krym ýarymadasyna akýan harytlaryň we azygyň öňüni baglamak tagallasyna başlamakçydyklaryny aýdýarlar.

Krym tatarlarynyň Mejlisiniň başlygy, şeýle-de ukrain parlamentiniň deputaty Refat Çubarow 16-njy sentýabrda Ukrainanyň parlamentine «uzak möhletli gabawyň» 20-nji sentýabrdan başlanjagyny aýtdy.

Ol Ukrainanyň beýleki şäherlerini hem bu herekete goşulmaga çagyrdy.

Çubarow azyk önümlerini we beýleki harytlary alyp gelýän ýük maşynlarynyň Kryma goýberilmejegini, emma ýönekeý ýolagçylaryň saklanmajagyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG