Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aliýew ÝB-niň tankytlaryna gaýtawul berdi


 Çeh respublikasynyň prezidenti Milos Zeman (çepde) we Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew.
Çeh respublikasynyň prezidenti Milos Zeman (çepde) we Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew.

Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew Ýewropa Bileleşiginiň tankytlaryna gaýtawul berip, blogy "antiazerbaýjanlykda" aýyplap, ýewropa gymmatlyklaryny bosgunlar krizisi bilen baglylykda ýaňsa aldy.

15-nji sentýabrda Bakuwda Çeh respublikasynyň prezidenti Milos Zeman bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda Aliýew Ýewropa Parlamentiniň golaýda çykaran bir rezolýusiýasyna degişli gahar-gazabyny bildirdi. Blok bu rezolýusiýada ýurtdaky adam hukuklarynyň ýagdaýyny ýazgaryp, ähli syýasy tussaglaryň we tussag edilen žurnalistleriň boşadylmagyna çagyrypdy.

10-njy sentýabrda çykarylan rezolýusiýa barada Aliýew: "Bu rezolýusiýa esassyz, tersçil we ýalan gürrüňlere daýanýan syýasy prowokasiýa" diýdi.

Teklip

Rezolýusiýada Azerbaýjandan ýurtda graždan jemgyýetini we adam hukuklary ugrundaky işleri basyp ýatyrmagy bes etmek talap edilýär. Onda şeýle hem Baku "ählumumy adam hukuklarynyň hormatlanmagyny ösdürmek barada anyk ädimler ätmese, Ýewropa Bileleşiginiň Azerbaýjan bilen strategik hyzmatdaşlyk hakdaky gepleşikleriniň durzulmagy teklip edilýär.

15-nji sentýabrda ir bilen Bakuwda bir täze mekdebiň açylyş dabarasyna gatnaşan Aliýew ýurduň ýaşlaryny "çet ýurtlaryň täsirinden we biziň halkymyzyň paýlaşmaýan günbatar gymmatlyklary diýilýänden" gaça durmaga çagyrdy.

Interfaks Aliýewiň "Ýewropada bolýan aýylganç wakalara, uruşdan gaçyp baran gözgyny adamlaryň ol ýerde kemsidilmegine serediň. Ýewropa gymmatlyklary aslynda şularmy? Olaryň ençeme ýyl bäri gürrüňini edýän gymmatlyklary, dogrudanam, şularmy?" diýen sözlerini sitirleýär.

Karar

"Hany çydamlylyk? Hany köpmedeniýetlilik? Hany olaryň ýokary ahlaklylygy, rehim-şepagaty? Bu zatlary ol ýerde görýän adam ýok. Biziň görýänimiz - dini we etniki duşmançylyk, diskriminasiýa, çet ýurtlulara ganymlyk, yslama ganymlyk, faşizm we jynsparazlyk. Bize bular ýaly gymmatlyklar gerek däl. Goý, bular olaryňky bolsun".

Aliýewiň bu hüjüminden öň Azerbaýjanyň parlamenti Ýewropa Bileleşiginiň parlamentiniň hereketine jogap edip, 4-nji sentýabrda bir karar çykardy. Bu kararda Bakuwyň Euronest Parlament Ýygnagyndan we “Ýewropa Parlamenti” bilen öňki sowet respublikalary Ukrainanyň, Moldawanyň, Belarusyň, Ermenistanyň, Azerbaýjanyň we Gürjüstanyň milli parlamentleriniň bilelikdäki forumyndaky agzalygyny duruzmak üçin gerekli proseduralary girizendigi jar edildi.

Dokumentde şeýle hem Azerbaýjanyň “Gündogar Partnýorlyk” programmasyndan hem çykmagy mümkin diýilýär.

15-nji sentýabrda bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda Aliýew Azerbaýjan parlamentiniň karary "dogry" diýdi.

Rezolýusiýa

"Azerbaýjan parlamenti Euronestdäki işjeňligini elbetde togtadar. Bu Azerbaýjan parlamentiniň özbaşdak hukugy. Mundan başga-da, özüňiz bilýän bolsaňyz gerek, Ýewropa Parlamenti bilen Azerbaýjan parlamentiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk-da togtadyldy" diýip Aliýew aýtdy.

"Bular biziň garşymyza alnyp barylýan hapa kampaniýanyň netijeleri. Azerbaýjan hemişe biziň garşymyza gönükdirilen her bir herekete laýyk reaksiýa görkezip geldi, şonuň ýaly ýene-de görkezer".

Metbugat ýygnagynda Çeh respublikasynyň prezidenti Milos Zeman Azerbaýjanyň “Gündogar Partnýorlygyndan” çykmagy bu programma oňaýsyz täsir eder diýdi.

Zeman “Gündogar Partnýorlygyny” "peýdaly mehanizm" diýip atlandyryp, Baku [ondan] çyksa, ol özi üçin möhüm bir düzümi ýitirer diýdi.

Ýewropa Parlamentiniň 10-njy sentýabr rezolýusiýasy tussag edilen aktiwistleriň hem žurnalistleriň, şol sanda derňeýji žurnalist we Azatlyk Radiosy bilen hyzmatdaşlyk eden Hatyja Ismaýylowanyň derhal boşadylmagyna çagyrdy. Pul iýenlikde, salgyt tölemekde aldawa ýüz uranlykda we öz wezipesinden galp peýdalananlykda günälenen Ismaýylowa sentýabr aýynyň başlarynda 7,5 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Rezolýusiýada şeýle-de hukuk aktiwistleri Leýla Ýunus bilen Arif Ýunusyň türmeden boşadylmagyna çagyryldy. Ykdysady jenaýatçylykda günälenen bu är-aýala awgust aýynda degişlilikde 8,5 ýyl bilen 7 ýyl türme tussaglygy berildi.

Azerbaýjanda salgyt tölemekde aldawa ýüz urmakda, bikanun söwda işleri we huligançylyk ýaly zatlarda aýyplanyp, soňky aýlarda ençeme žurnalistler we hukuk aktiwistleri türme tussaglygyna höküm edildi.

Olaryň suda çekilmegine Aliýewiň öz kakasyndan soň, 2003-nji ýyldan bäri höküm sürüp gelýän günorta Kawkazdaky nebite baý öňki sowet respublikasynda başgaça pikirlenýänleri dymdyrmak üçin edilýän hereket diýlip garalýar.

XS
SM
MD
LG