Sepleriň elýeterliligi

Rumyn premýeri korrupsiýada aýyplanýar


Rumyniýanyň premýer-ministri Wiktor Ponta resmi taýdan korrupsiýada, salgytdan gaçmakda we pul ýuwmakda aýyplandy.

Bu Rumyniýanyň korrupsiýa garşy göreşiniň çägindäki iň uly işdir. 42 ýaşyndaky Ponta awgustda aýyplandy we, prokurorlar jemgyýetçilik pikirine täsir ýetirýär diýip, gaýta-gaýta günäsini ret etdi.

17-nji sentýabrdaky aýyplama bildirmesi prokurorlaryň öz derňewlerini jemländigini we işi Rumyniýanyň ýokary suduna iberendigini aňladýar.

Ponta işden çekilmekden ýüz dönderýär we indiki ýylyň dekabrynda geçmeli parlament saýlawlaryna çenli iş başynda galjagyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG