Sepleriň elýeterliligi

Kabiri gandöküşiklige gatnaşygy ret edýär


“Yslamçy gaýtadan döreýiş” partiýasynyň ýolbaşçysy Muhiddin Kabiri

“Yslamçy gaýtadan döreýiş” partiýasynyň ýolbaşçysy Muhiddin Kabiri

Täjigistanda ýaňy-ýakynda gadagan edilen yslamçy syýasy partiýasynyň bosgunlykdaky lideri ýurduň goranmak ministriniň öňki orunbasarynyň geçen hepdede gandöküşikli gozgalaň turuzmagyna özüniň görkezme berendigi baradaky resmi aýyplamalary ret edýär.

“Yslamçy gaýtadan döreýiş” partiýasynyň ýolbaşçysy Muhiddin Kabiri AÝ/AR-a elektron hat arkaly beren jogabynda “Men ähli aýyplamalary doly ret edýärin, meniň hem partiýanyň şol wakalar bilen hiç hili gatnaşygy ýok" diýdi. .

17-nji sentýabrda Täjigistanyň Baş prokuraturasy ýurduň goranmak ministriniň öňki orunbasary şu hepdede ýörite operasiýanyň netijesinde öldürilen Abduhalim Nazarzodanyň Kabiriniň we onuň partiýasynyň ýolbaşçylarynyň tabşyrygy bilen hereket edendigini yglan etdi. Täjik resmileri Nazarzodany polisiýa bölümine we ýarag saklanýan harby edara hüjüm etmekde aýypladylar.

Resmi aýyplama

Prokurorlar yslamçy partiýanyň öz öňünde “20 sany jenaýatçy topardan” ybarat guramany döretmek maksadyny goýandygyny aýdýarlar.

4-nji sentýabrda bolan hüjümler Täjigistanda “Yslamçy gaýtadan döreýiş” partiýanyň gadagan edilen wagtyna gabat geldi. Bu partiýa Mekezi Aziýanyň bäş ýurdunda hasaba alnan ýeke-täk yslamçy syýasy partiýady.

Kabiri AÝ/AR bilen söhbetdeşlikde “Birleşen Özbek Oppozisiýasynyň” öňki agzasy Nazarzodanyň “Yslamçy gaýtadan döreýiş” partiýanyň agzasy bolmandygyny we onuň bilen hiç hili gatnaşygynyň ýokdugyny aýtdy.

Täjigistanyň Baş prokuraturasy “Yslamçy gaýtadan döreýiş” partiýanyň 13 liderini we aktiwistiniň Kabiriniň dildüwşügine gatnaşmakda güman edilip tussag edilendigini we bu çäräniň “ýurtda has köp terrorçylykly hüjümleriň öňüni almak” maksady bilen baglydygyny aýtdy.

Geçen aýda Täjigistanyň Adalat ministrligi “Yslamçy gaýtadan döreýiş” partiýany gadagan etdi we öz kararyny partiýanyň hasaba alynmagy üçin ýurtda ýeterlik goldawynyň ýoklugy bilen esaslandyrdy.

Täjigistanyň hökümeti Nazarzodany we onuň söweşijilerini 4-nji sentýabrda Duşenbäniň golaýynda polisiýa bölümine we ýarag saklanýan edara hüjüm etmekde aýyplady, şol caknyşykda 26 adam, şol sanda dokuz polisiýa wekili hem 17 söweşiji öldürildi.

Täjik resmileri Nazarzodanyň 10 tarapdary bilen bilelikde 16-njy sentýabrda Duşenbeden gündogarda ýerleşýän Romit jülgesinde hökümet güýçleriniň geçiren söweş çäresi netijesinde öldürilendigini habar berýärler.

“Yslamçy gaýtadan döreýiş” partiýasy

“Yslamçy gaýtadan döreýiş” partiýasynyň bosgunlykdaky lideri Kabiri AÝ/AR bilen söhbetdeşlikde “täjik häkimiýetleri generalyň hüjümlerini öz maksatlaryna ýetmek we bizi radikallar hem ekstremistler edip görkezmek üçin ussatlyk bilen ulanýarlar” diýdi.

Nazarzodanyň gozgalaňy hökümetiň “ýalňyş” syýasaty bilen bagly diýip, Kabiri sözüniň üstüni ýetirdi.

Şeýle-de Kabiri “Yslamçy gaýtadan döreýiş” partiýasynyň ýolbaşçylarynyň öz partiýasynyň gizlenmejegi barada beren wadalaryny gaýtalady.

“Yslamçy gaýtadan döreýiş” partiýasy Täjigistanyň 1992-1997-nji ýyllardaky gandöküşikli graždan urşunda wajyp rol oýnapdy. Şol uruşda onlarça müň adam wepat bolupdy we bir milliondan gowrak adam öz öýlerinden göçmäge mejbur bolupdy. Şondan soň bu partiýa 15 ýylyň dowamynda Täjigistanyň parlamentiniň düzümine girdi.

XS
SM
MD
LG