Sepleriň elýeterliligi

"Talyban" harby baza hüjüm etdi


Tiz kömek işgärleri harby baza edilen hüjümiň pidalaryny äkidýärler, Peşawar, 18-nji sentýabr, 2015

Tiz kömek işgärleri harby baza edilen hüjümiň pidalaryny äkidýärler, Peşawar, 18-nji sentýabr, 2015

Pakistanyň harbylary “Talybanyň” Peşawaryň golaýyndaky harby baza eden hüjüminiň dowamynda metjidiň içinde 16 adamy öldürendigini aýtdylar.

Harbylaryň sözlerine görä, hüjümçiler bazanyň içinde ýerleşýän metjidiň içine girip, namaza duran adamlary oka tutupdyr.

Metbugat-wekili general Asim Saleem Bajwa 18-nji sentýabrda bolan hüjüme gaýtargy berlip, goşun bilen gandöküşikli ok atyşyklygyň bolandygyny habar berdi.

Munuň öňüsyrasynda Bajwa 13 hüjümçiniň öldürilendigini aýtdy.

Pakistanyň “Taliban” topary hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Pakistanyň goşun ýolbaşçysy general Raheel Şarif operasiýa gatnaşan harbylar bilen duşuşmak üçin Peşawara bardy.

XS
SM
MD
LG