Sepleriň elýeterliligi

'YD' toparynda 2400 orsýetli söweşýär


Orsýetiň resmileri 2400 orsýetliniň “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileriniň arasynda söweşýändigini aýtdylar.

Orsýetiň Federal Howpsuzlyk boýunça ýolbaşçysynyň birinji orunbasary Sergeý Smirnow “Yslam döwleti” ekstremistik toparynyň düzüminde Merkezi Aziýadan jemi 3000 çemesi adamyň söweşýändigini habar berdi.

Smirnow Ýakyn gündogardan Ýewropa barýan migrantlar meselesiniň hem agyrlaşýandygyny we Orsýete “uly howp” salyp biljekdigini belledi.

Smirnow käbir ýurtlaryň terrora garşy hyzmatdaşlykdan “boýun gaçyrmaga synanyşýandyklaryny” belläp, “Hyzmatdaşlyk bar, emma ol dogry bir derejede däl – aýratynam ABŞ bilen” diýdi.

Smirnow bu barada 18-nji sentýabrda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň baş ýolbaşçylarynyň terrorçylyga garşy göreş boýunça geçiren duşuşygynyň yzýany žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda aýtdy.

XS
SM
MD
LG