Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Siriýa goşun iberip biler


Kremliň metbugat-wekili Dmitriý Peskow

Kremliň metbugat-wekili Dmitriý Peskow

Kremliň metbugat-wekili Damaskyň ýüz tutan ýagdaýynda Orsýetiň Siriýa öz harbylaryny ibermek meselesine seretjekdigini aýtdy.

18-nji sentýabrda Orsýetiň habar agentlikleri tarapyndan tsitirlenen Dmitriý Peskow şeýle ýüzlenme edilen ýagdaýynda onuň “maslahat ediljekdigini we serediljekdigini” aýtdy, emma bu meseläniň entek diňe çaklama derejesinde galýandygyny belledi.

Orsýetiň Siriýada öz harby täsirini barha artdyrýandygy bilen bagly aladalanmalaryň güýçlenýän wagtynda Moskwa 17-nji sentýabrda ABŞ-ny we onuň ýaranlaryny “Yslam döwleti” ekstremist toparyna garşy söweşlere Siriýanyň hökümetini partnýor hökmünde çekmäge çagyrdy.

17-nji sentýabrda Siriýanyň daşary işler ministri Walid al-Moallem Orsýetiň ýaragly güýçleriniň Siriýada söweşýändigi baradaky habarlary ret etdi, emma Siriýanyň zerur bolanda Orsýetden kömek soramakdan çekinmejegini aýtdy.

XS
SM
MD
LG