Sepleriň elýeterliligi

Ermeni aktiwisti Azerbaýjana gaçyp bardy


Ermeni oppozision aktiwisti Wahan Martirosian Azerbaýjana gaçyp bardy.

Hökümete degişli bolmadyk gurama bolan Milli liberallaşma hereketiniň başlygy Martirosian Azerbaýjandan syýasy gaçybatalga sorandygyny 18-nji sentýabrda Bakuda žurnalistlere aýtdy.

Martirosian Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisianyň syýasatyny ýazgardy we ony ermenilere garşy diýip atlandyrdy.

Martirosian öz syýasy aktiwligi üçin ermeni häkimiýetleri tarapyndan yzarlanandygyny we şu sebäpden öz aýaly hem ýaş çagasy bilen Azerbaýjana gaçyp barmak kararyna gelendigini aýtdy.

Baku we Ýerewan 1990-njy ýyllaryň başyndaky uruşdan soň Azerbaýjandan bölünen Daglyk Garabag regionynyň üstünde 25 ýyla golaý wagt bäri konfliktli ýagdaýda galýarlar.

XS
SM
MD
LG