Sepleriň elýeterliligi

Balkanlar: Migrantlaryň demirgazyk ýoly ýapylýar


Horwatiýa, Beli Manastirdäki otly stansiýasy, 18-nji sentýabr, 2015 ý.

Horwatiýa, Beli Manastirdäki otly stansiýasy, 18-nji sentýabr, 2015 ý.

Balkan ýurtlarynyň häkimiýetleri, gury ýerden demirgazyk Ýewropa barýan ýollar ýapylansoň, özlerine tarap gelýän migrant akymyny saklamak, täze gelen müňlerçe bosguna hötde gelmek çärelerini görmäge çalyşýarlar.

Ýewropa Bileleşiginiň agzasy Horwatiýa Ýewropanyň migrant krizisiniň soňky gyzgyn nokadyna aýlandy we heniz ÝB agzasy bolmadyk Serbiýa bilen aradaky serhet geçelgeleriniň köpüsini ýapdy. Sebäbi Serbiýa siriýaly we beýleki ýerlerden gelen ummasyz kän migrantyň günbatar Ýewropa ýolundaky geçiş nokadyna öwrüldi.

Şu aralykda Wengriýa özüniň täzelikde guran haýatyny uzaltmaga, ýagny günorta serhedini, Horwatiýa bilen araçägini hem berkitmäge başlady.

Sloweniýa bolsa, Horwatiýadan gelýän demir we asfalt ýollaryň käbir esasy ugurlarynyň gatnawyny togtatdy.

Horwatiýanyň Içeri işler ministrligi 17-nji sentýabrda ýurduň Serbiýa bilen aralykdaky sekiz sany serhet geçelgesiniň ýedisini ýapandygyny, bu ýapylyşyň eýýäm ýurda giren müňlerçe migranta ýer-jaý taýýarlanmagy üçin zerurdygyny aýtdy.

Belgrad bilen Zagrebi baglanyşdyrýan esasy geçiş ýoly 18-nji sentýabrda açyk galan ýeke-täk gatnaw ugry boldy.

Ministrlik horwat goşunynyň hem, soňky iki günde ýurda giren 13 müň migrant bilen baglylykda, hüşgärlik ýagdaýyna getirilendigini aýtdy.

Belgrad, Horwatiýanyň geçelgeleri ýapmagy müňlerçe migranty Serbiýanyň içinde galdyrar öýdüp, bu çärä garşylyk bildirdi.

Serbiýanyň migrasiýa ministri Aleksandr Wulin «Horwatiýanyň we islendik beýleki ýurduň halkara ýollaryny ýapmagy kabul ederlik däldir» diýip, duýduryş berdi.

"Biz özümiziň ykdysady we beýleki islendik bähbidimizi halkara sudlarynyň öňünde goramagyň çäresini agtararys» diýip, Wulin aýtdy.

Migrantlar Horwatiýa barýar

Migrantlar Horwatiýa tarap şu hepdäniň başynda, Wengriýa özüniň Serbiýa bilen serhedini ýapanyndan soň ugur aldylar. Bu çäre şu ýyl 200 müňden gowrak migrantyň Ýewropa Bileleşigine aşan esasy ýolunyň kesilmegine getirdi.

Ol migrantlaryň köpüsi Ýakyn Gündogardaky we Owganystandaky zorlukly wakalardan gaçyp gelýär.

Horwatiýa özüniň adamlara ýurt içinden beýleki ÝB ýurtlaryna erkin geçip gitmek mümkinçiligini döretjegini aýtdy, emma içeri işler ministri Ranko Ostojiç häzirki pursatda bu ýurduň mümkinçilikleri «ýukaldy» diýdi.

Horwat häkimiýetleri bosgunlary hasaba alyp, olary paýtagt Zagrebiň töweregindäki kabul ediş nokatlaryna geçirýärler.

Emma wenger mediasy 17-nji sentýabrda migrantlaryň Horwatiýadan, Serbiýa bilen serhetdäki tikenli sim germewinden sowa ýerden Wengriýa geçýändigini habar berdi.

Premýer-ministr Wiktor Orban Wengriýa öten agşam Horwatiýa bilen serhedine hem haýat çekmäge başlady, ol ýere ýüzlerçe esger we polisiýa ofiserlerini ýerleşdirdi diýdi.

Wengriýa özüniň Rumyniýa bilen aradaky serhedinde hem haýat çekmegi planlaşdyrýar.

Sloweniýa 17-nji sentýabrda özüniň Horwatiýadan migrant getirýän otlyny saklandygyny, 150 çemesi migranty Zagrebe dolajagyny, sebäbi olaryň syýahat üçin zerur dokumentleriniň ýokdugyny aýtdy.

Bu ýurt indi Awstriýa we Germaniýa barýan migrantlaryň esasy gatnaw ýoluna öwrülene meňzeýär.

Şeýle-de Sloweniýa Horwatiýa bilen aradaky otly gatnawlarynyň hemmesini 18-nji sentýabra çenli togtatdy diýip, Sloweniýanyň STA habar gullugy habar berdi.

Sloweniýanyň premýer-ministri Miro Serar öz ýurdunyň Ýewropanyň Şengen zonasy düzgünlerine eýerjegini, ýagny serhetden erkin geçmegi üpjün etjegini aýtdy.

28 agzaly ÝB Ikinji Jahan urşundan bäri Ýewropanyň ýüzbe-ýüz bolan iň uly migrant akymyna nähili hötde gelmelidigi barada belli bir karara gelip bilmeýär.

Slowakiýa serhediniň käbir ýerlerinde barlag düzgünini girizýär. Bolgariýa bolsa, Türkiýe bilen serhedine 1000 esger ýerleşdirdi. Bu ýerde birnäçe ýüz adam indi üçünji gündür serhet şäherinde galýar.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG